ÝOKARY TEHNOLOGIÝA ÖSÜŞ GETIRDI

Ýokary tehnologiýa ösüş getirdi

Ha­ryt önüm­çi­li­gi­ni we gir­de­ji­si­ni bar­ha art­dyr­ýan “Hua­wei” kom­pa­ni­ýa­sy 2015-nji ýy­la de­giş­li mag­lu­mat­la­ry­ny ýaý­rat­dy. Kom­pa­ni­ýa mo­bil en­jam­lary bi­len, bir ha­tar­da, ara­gat­na­şyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy üçin hem ge­rek­li ab­zal­la­ryň önüm­çi­li­gi we gur­nal­ma­gy bi­len hem meş­gul­lan­ýar. Hy­taý kom­pa­ni­ýa­sy­nyň dün­ýä bo­ýun­ça umu­my gir­de­ji­si 395 mil­liard ýu­an (60,8 mil­liard dol­lar) bo­lup­dyr. Bu gör­ke­zi­ji ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rü­ne gö­rä, 37 gö­te­rim­lik ösüş diý­me­gi aň­lad­ýar. Kom­pa­ni­ýa­nyň aras­sa gir­de­ji­si 36,9 mil­liard ýu­an (5,7 mil­liard dol­lar) bo­lup­dyr. Bu gör­ke­zi­ji kom­pa­ni­ýa­nyň ösü­şi­niň öň­ki ýyl­da­ky­dan 33 gö­te­rim bo­lan­dy­gy­ny aň­lad­ýar.
Kom­pa­ni­ýa­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li ýol­baş­çy­sy Guo Ping “Hua­wei”-iň dün­ýä yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň ösü­şi­ne uly go­şant goş­ýan mag­lu­mat we ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry pu­da­gyn­da uzak wagt­dan bä­ri iş alyp bar­ýan­dy­gy­ny aý­dyp, bu pu­dak­da uly öňe­gi­diş­lik ga­za­nan­dy­gy­ny aýt­dy. Gel­jek bäş ýy­lyň do­wa­myn­da se­na­gat we ara­gat­na­şyk teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na has köp üns ber­jek­dik­le­ri­ni hem-de tä­ze­çil teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň üs­tün­de iş­le­jek­dik­le­ri­ni bel­le­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň ara­gat­na­şyk inf­rast­ruk­tu­ra­sy bö­lü­mi 232,3 mil­liard ýu­an (35,8 mil­liard dol­lar) ýyl­lyk gir­de­ji alyp, bu ugur­da ozal­ky ýyl­da­ky­dan 21 gö­te­rim­lik öňe­gi­diş­lik ga­za­nyp­dyr. Bu ösüş­de ge­çi­ri­ji­siz ara­gat­na­şyk tor­la­ry­nyň ýaý­baň­lan­ma­gy­nyň hem tä­si­ri­niň ulu­dy­gy mä­lim edil­di. Kom­pa­ni­ýa­nyň “En­terp­ri­se” bö­lü­mi 27,6 mil­liard (4,3 mil­liard dol­lar) ýyl­lyk gir­de­ji ge­ti­rip­dir. Bu gör­ke­zi­ji öň­ki ýyl­da­ky­dan 44 gö­terim ýo­ka­ry bo­lup­dyr. “Hua­wei En­terp­ri­se”, esa­san hem, ma­li­ýe, gat­naw we ener­gi­ýa pu­dak­la­ryn­da uly ösüş ga­za­nyp­dyr.
“Hua­wei” mag­lu­mat teh­no­lo­gi­ýa­syn­da tä­ze açyş­lar et­mek üçin yl­my-bar­lag­la­ra has köp üns ber­di. Kompaniýa di­ňe ge­çen ýy­lyň do­wa­myn­da ýyl­lyk gir­de­ji­si­niň 15 gö­te­ri­mi­ni (59,6 mil­liard ýu­an) yl­my bar­lag­lar üçin bö­lüp be­rip­dir.