GELJEGI ULY TEHNOLOGIÝA

Geljegi uly tehnologiýa

Hy­ýa­ly ha­ky­kat äý­nek­le­ri­ni ön­dür­me­gi bi­len ta­nal­ýan “Oculus”-yň ön­dü­ren “Oculus Rift” en­ja­my şeý­le äý­ne­giň il­kin­ji­si bo­lup­dy. Şu ýy­lyň ap­rel aýyn­da HTC kom­pa­ni­ýa­sy “Vive” at­ly şeý­le äý­ne­gi­ni ta­nyş­dy­ryp­dy. Onuň ba­ha­sy 899 ýew­ro diý­lip kes­git­len­di. Ola­ryň sa­ny­nyň art­ma­gy bi­len ba­ha­la­ry hem ar­zan­la­ýar. “So­ny” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň “Plays­ta­ti­on” at­ly hy­ýa­ly ha­ky­kat äý­ne­gi­niň bol­sa, no­ýabr­da sa­tu­wa çy­ka­ryl­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar. Ýa­pon kom­pa­ni­ýa­sy­nyň önü­mi­niň ba­ha­sy has el­ýe­ter­li bo­lar. Bu pu­dak­da ýo­kar­da ady ag­za­lan üç kom­pa­ni­ýa bol­sa-da şe­re­ket­ler az däl.
“Sam­sung” kom­pa­ni­ýa­sy bol­sa, “Sam­sung Ga­laxy No­te7”-ni sa­tyn alan müş­de­ri­le­ri­ne tä­ze “Ge­ar VR” we 6 sa­ny “Oculus VR” oý­nu­ny sow­gat ed­ýär. “Sam­sung Electro­nics”-iň bu sow­ga­dy­ny 25-nji aw­gus­ta çen­li alyp bol­jak­dy­gy mä­lim edil­di. Şeý­le­lik­de, “No­te” se­ri­ýa­sy­nyň tä­ze ag­za­sy has ýo­ka­ry hil­li hy­ýa­ly ha­ky­kat oýun­la­ry­ny oý­na­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär. Se­bä­bi “Ga­laxy No­te7”-niň “Su­per AMO­LED” ek­ra­ny we kuw­wat­ly mik­rop­ro­ses­so­ry bar. Ösen lin­za­lar we er­go­no­mik gur­lu­şy bi­len bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň ýaý­baň­lan­ma­gy­ny ga­za­nan “Ge­ar VR”-niň gök we ga­ra reňk­li gör­nüş­le­ri bar. Ula­ny­jy­lar tä­ze “Ge­ar VR”-niň bir düw­me­si­ne ba­syp, onuň res­mi sa­hy­pa­sy “Oculus Ho­me”-a gi­rip bi­ler­ler. Bu en­ja­my “Ga­laxy No­te7”, S7, “S7 ed­ge”, “No­te5”, S6, “S6 ed­ge” we “S6 ed­ge+” bi­len hem ula­nyp bol­ýar. Şeý­le-de oňa ulan­ýan wag­tyň­da hem zar­ýad be­rip bol­ýar.
Hy­ýa­ly ha­ky­kat teh­no­lo­gi­ýa­sy­nyň üs­ti tä­ze oýun­lar, wi­deo­lar, öw­re­di­ji app­li­ka­si­ýa­lar we beý­le­ki prog­ram­ma­lar bi­len ýe­ti­ril­ýär.