Tehnologiýalar Merkezi

2014-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň düzümine girjek täze desganyň-Tehnologiýalar merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Onuň ulanmaga berilmegi şanly senä-Ylymlar gününe gabat geldi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň işläp taýýarlan döwlet gurluşynyň konsepsiýasynda, milli ösüş maksatnamalarynda innowasion ykdysadyýete — netijeli tehnologiýalarda birleşen düýpli nazaryýet bilimlerine we giňişleýin iş tejribesine esaslanan ykdysadyýete uly orun berilýär. Biz bu tehnologiýalary olarda täze sanly ulgamyň we öňdebaryjy inženerçilik çözgütleriniň ulanylmagy üçin däl-de, eýsem olaryň ozaly bilen önümçilikde, jemgyýetçilik durmuşynda ýokary netijeliligini göz öňünde tutup, «ýokary» diýip atlandyrýarys.

Innowasion ykdysadyýet — bu, aslynda, ähli ykdysady  prosesleri we segmentleri hil taýdan täzelemäge  gönükdirilýän maýa goýumlarydyr. Innowasion görnüşli ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdepleri, amaly maksatlary ugur edinýän ylmy-barlag edaralary, senagat innowasion klasterleri we netijeli maksatlaryň, teklipleriň, taslamalaryň özboluşly jemi hasaplanýan tehnologik merkezler şeýle ykdysadyýetiň düzüminiň aýrylmaz bölekleri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: «Ýurdumyzyň ylmyny hemmetaraplaýyn ösdürmek we onuň gazananlaryny ýurdumyzyň ykdysadyýetinde netijeli peýdalanmak, jemgyýetiň intellektual  mümkinçiliklerini artdyrmak häzirki döwürde Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ylmyň täze, has ýokary sepgitlere çykarylmagy ýurdumyzyň tehniki-ykdysady kuwwatyny, halkymyzyň medeni derejesini we maddy ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmaga ýardam eder. Häzirki wagtda ylma daýanmazdan, islendik döwletiň durnukly we hemmetaraplaýyn ösmegi mümkin däldir».

Milli Liderimiziň bu çagyryşy ýurdumyzda ylmy-barlag işlerini dürli ugurlar boýunça işjeňleşdirmek üçin esasy ugry kesgitledi. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň döredilmegi hem ýurdumyzyň innowasion ykdysadyýetiniň esasyny düzmäge gönükdirilendir. Bu Merkez adam serişdesini we «bilimler ykdysadyýetini» ösdürmäge, Türkmenistanyň ykdysady we tehnologik howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam etmek bilen, ylmy çözgütleri, işläp taýýarlamalary bir bitewi ulgama birleşdirýän we olary önümçilige ornaşdyrýan esasy gurama bolar.

Şol günüň ikinji ýarymynda Tehnologiýalar merkeziniň uly maslahat zalynda «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe  ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatynyň açylyşy boldy.

Maslahat umumy mejlisden başlandy, onda ýurdumyzyň hormatly myhmanlary çykyş etdiler. Türkmen paýtagtyna dürli ýurtlardan görnükli alymlary ýygnan forum şu gün öz işini bölümçeler boýunça dowam eder.

Şonda Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Energetikada, himiýa we ýangyç senagatynda, maglumat-aragatnaşyk ulgamynda innowasion tehnologiýalar» mowzugy boýunça bölümçe mejlisi geçiriler.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde tebigy serişdeleriň tygşytly peýdalanylyşynyň meseleleri we obasenagat toplumynda innowasion tehnologiýalar ara alnyp maslahatlaşylar. Gumanitar ylymlary we halkara gatnaşyklaryny ösdürmek babatdaky meseleleri öz içine alýan mowzugy alymlaryň Türkmen döwlet medeniýet institutynda etjek çykyşlary kesgitlär. «Lukmançylyk we derman önümçiligi» atly bölümçe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçiriler.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylaryň paýtagtyň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary, mugallymlary we talyplary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň ylmy-barlag edaralarynyň alymlary bilen duşuşyklary meýilleşdirilendir.