ES “Nokat Kompýuter” bir topar garyşyk proýektleriň üstünde işläp bilýän ýokary derejeli ussatlardan düzülen topardyr. Biziň topardaky ussatlarymyzyň başdan geçirmeleri, olaryň bilimi, işe bolan höwes we islegleri üstünligiň esasy düzümi, açary bolup durýar.

Biz öz täze iş ýoldaşlarymyza öz kadrymzda gyzgyn garşylajakdygmyza we olara dostlukly çemeleşjekdigimzie güwä geçýäris. Biziň firmamyz iň ýokary dolandyryjylardan başlap işgärlere çenli gatnaşygyň demokratik usulyny saýlap alýar. Ähli täzeliklere ünsli garalýar we düşünilýär, höweslendirilýär.

Öz işgärlerimiziň täsirli iş alyp barmaklary üçin, kariýera we şahsy ösüş üçin ähli mümkinýilikler döredilmäge çalyşylýar. Kadrlaryň ösmegi üçin öz esasy hünärlerinde halkara bilim almaga höweslendirilýär, ýörite okuw merkezlerinde okamaga we ýokary derejeli hünärmenler bilen işleşmäge mümkinçilikler döredilýär. ES “Nokat Kompýuter” öz işini Iş Kanunynyň çäginde öz işini ýöredýär.

Biz öz kadrmyzyň iş we boş wagtlaryny birleşdirip, geçirilýän medeni çärelere hem gatnaşmagy dowam etdirýäris. Şeýleleikde, ähli işgärlerimiz ýylda iki gezek gurnaýan firmadaky çärelermize uly höwes bilen gatnaşýarlar. Hem-de her gezek ony has-da deňi-taýsyz, ýatdan çykmajak çäreleriň birine öwürmäge çalyşýarys.